Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurar

06.04.2024

Ýewropa Bileleşigi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär.

Şeýlelikde, «Far North Fiber» taslamasy Arktikadaky Demirgazyk-Günbatar geçelgesi arkaly Ýewropa bilen Ýaponiýany birleşdirýän 14,5 müň km kabelden ybarat bolar. Birikme nokatlary Ýaponiýada, ABŞ-da, Kanadada, Norwegiýada, Finlýandiýada we Irlandiýada ýerleşer.

Täze taslamanyň bahasy 1 milliard ýewro barabar bolar diýlip çaklanylýar, munuň özi beýleki ugurlaryň bahasyndan has ýokarydyr. ÝB eýýäm «CEF Digital» taslamasynyň çäklerinde başlangyç üçin 23 million ýewro golaý maýa goýdy.

Her onýyllykda deňizdäki buzuň göwrümi, takmynan, 13% kiçelýär. Bu bolsa ummanyň düýbünden çekilýän internet geçirijileri üçin täze ugurlary açýar. Şeýle geçirijiler halkara maglumat trafiginiň agramly bölegini geçirýär.

«Far North Digital» taslamasynyň strategiýa boýunça baş direktory Ik Ikard tomus ýylylygynyň gämilere Arktikada kabel çekmäge mümkinçilik berýändigini, gyşyň sowuk bolmagynyň bolsa zyýany çäklendirýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, buz geçirijileri bejermegi kynlaşdyryp biler. Ýylyň wagtyna baglylykda, geçirijileriň dikeldilmegi üçin birnäçe hepde, hatda birnäçe aý gerek bolup biler. Buzuň süýşmegi hem howp döredip biler.

Onuň bellemegine görä, gysga kabel ugry maglumat geçirilişinde gijikmeleriň azalmagyny üpjün eder.

Deňiz gözlegleri tamamlanandan soň, «Alcatel Submarine Networks» kompaniýasy zerur enjamlary öndürip başlar we 2027-nji ýyla çenli olary bazara çykarar. Şol wagt hem taslama işe giriziler.

«Far North Digital» taslamasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Itan Berkowis oňa hökümetleriň has köpüsini çekmek isleýär.