Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady

23.09.2026

23-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Maslahat köşgiünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däplerimize eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy we oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriň birine öwrülendigini, geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüşini ynamly dowam edýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.