Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 35 ýyllygy bilen gutlady

16.11.2026

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna we Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen gutlagynda ýaş nesliň ýurduň ösüşindäki möhüm orny aýratyn bellenilýär. Döwlet Baştutany ýaşlary Türkmenistanyň geljeginiň esasy döredijilik güýji hökmünde häsiýetlendirip, olaryň döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärlerinde kämilleşmegi, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlagda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagy üçin möhüm şertleri döredýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilendigi we geçen 35 ýylyň dowamynda ýaş nesli watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň başlangyçlaryny goldamakda hem-de ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly işleri alyp barandygy nygtaldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary halkara guramalaryň çärelerine, forumlara, ylmy maslahatlara we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine agza bolmagy hem türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlykdaky ornuny has-da giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Gutlagda ýaşlaryň bilimde, ylymda, medeniýetde, döredijilikde, sportda we zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmekde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenilýär. Bu baýrak ýaşlary täze üstünliklere, döredijilik gözleglerine we belent maksatlara ruhlandyrýan möhüm höweslendiriş çäreleriniň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy hem-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmaklary bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Watanyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.