BMG-niň Habarlar gullugy Aşgabatda başlanan durnukly ulag ugry boýunça hyzmatdaşlygyň on ýyllygyny jemledi

27.11.2026

BMG-niň Habarlar gullugy Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlap, durnukly ulag boýunça BMG-niň ilkinji Ählumumy maslahatyndan bäri bu ugurdaky halkara gün tertibiniň ösüşi barada synyny çap etdi. Maslahat 2016-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirildi.

Materialda bellenilişi ýaly, maslahatyň esasy netijesi Aşgabat beýannamasy boldy. Resminamada multimodal daşamalar, üstaşyr we gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, infrastruktura maýa goýmak, innowasiýalar hem-de ekologiýa taýdan durnukly ulag babatda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň zerurlyklaryna aýratyn üns berildi.

Habar berilişine görä, bu çemeleşmeler 2021-nji ýylda Pekinde geçirilen durnukly ulag boýunça BMG-niň ikinji Ählumumy maslahatynda we 2022-nji ýylda Awazada geçirilen Ulag ministrleriniň maslahatynda has-da ösdürildi. BMG-niň soňraky başlangyçlary 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag boýunça BMG-niň on ýyllygynyň yglan edilmegine getirdi.

Neşirde nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ileri tutulýan ugur kabul edilen borçnamalary amaly taýdan durmuşa geçirmekden ybarat bolup galýar: döwrebap infrastruktura, durnukly üpjünçilik zynjyrlary, elýeterli ulag hyzmatlary döretmek we daşky gurşawa edilýän täsiri azaltmak.