Domen üçin onlaýn töleg hyzmaty

07.09.2022

Domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň tölegini «Türkmendomen» hojalyk jemgyýetiniň resmi portalyndan Halkbank PTB, Senagat PTB, Rysgal PTB, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň kartlary arkaly tölemek mümkinçiligi işe girizildi. Tölegi geçirmek örän ýeňil bolup, munuň üçin birnäçe ýönekeý amallar ýerine ýetirilýär: • Internet tory arkaly tmdomain.com.tm web-saýtyna girmeli; • «Töleg» bölümindäki «Töleg (domen)» bölümçesine geçmeli; • Ady, familiýasy, telefon belgisi, e-mail, domen ady barada maglumatlary hem-de şertnamada görkezilen belgisini we nyrhnama laýyklykda zerur pul möçberini girizmeli. Soňra bolsa sanawda görkezilen bank kartlaryndan töleg geçirjek kartyňyzyň görnüşini saýlamaly. Bank karty saýlanandan soň hyzmat awtomatik usulda töleg sahypasyny açýar. Şol ýerde bolsa kartyň maglumatlaryny girizip, töleg geçirilýär. Töleg «Türkmendomen» HJ-niň hasaplaşyk hasabyna geçiriler.