Türkmenistanda “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2022

Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezilýär. Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini görkezdi, şeýle-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça meýdança öwrüldi. Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Munuň özi dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanmalar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň amatly geljegi bilen şertlendirilendir. Çeşme: turkmenistan.gov.tm