«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Kiberhowpsuzlyk merkezi» unitar edarasynyň arasynda kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

03.10.2023

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän ilkinji Kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkaramaslahatynyň 1-nji iş güni dowam edýär.
Maslahata gatnaşan dünýäniň onlarça döwletiniň 130 kompaniýasynyň 250-den gowrak ygtyýarlandyrylan wekilleri,özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen taslamalaryň aragatnaşyk pudagyna ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.
Gepleşikleriň barşynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Kiberhowpsuzlyk merkezi» unitar edarasynyň arasynda ikitaraplaýyn möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy wekiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamada häzirki tehnologiýalar döwrüniň möhüm ugurlaryň biri bolan maglumat giňişligine we maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerine gönükdirilen kiberhowplary ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we olara garşy çäreleri geçirmek wezipeleri, şol sandamaglumatlaryň ýerleşen sanly ulgamynyň goraglylygy ýaly wajyp wezipeler öz beýanyny tapdy.