Maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak» atly okuw maslahata gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär

28.04.2024

USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy «El Enay» Hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda Aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň arasynda maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, goşmaça mümkinçilikler döretmek üçin maliýe dolandyryşy, maliýe seljermesi we býudjetleşdirmekde başarnyklary we bilimleri artdyrmak maksady bilen okuw maslahatyny geçirýär. Okuw maslahaty bu gezek Balkan welaýatynyň ýaşaýanlary üçin geçirilýär.

Okuw maslahaty üç gün: anna, şenbe we ýekşenbe günleri 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder. Gyzlara we aýallara, şeýle hem pes girdejili we maýyp ýaşlara, esasanam ýokary bilimi ýa-da hemişelik işi bolmadyk ýa-da özlerini we maşgalalaryny üpjün etmek üçin täze hünäre geçmek isleýänlere artykmaçlyk berler. Saýlanan gatnaşyjylar okuwa gatnaşmak arkaly maliýe sowatlylygy we üstünlikli söhbetdeşlik etmek ýaly möhüm endikler (soft skills) bilen üpjün ediler.

Arzany tabşyrmagyň iň soňky senesi 2024-nji ýylyň 5-nji maýy sagat 11:59-a çenli.

Ýer sanynyň çäkliligi sebäpli, gatnaşyjylar bäsdeşlik esasynda saýlanarlar.