Aşgabat — London gatnawy boýunça petekler onlaýn satuwa çykarylýar

02.05.2024

Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasyndaAşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady.

2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.

turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň awiakassasynda petekleriň bahalarynyň dürlüçedigini ýatladýarys.