«Türkmenaragatnaşyk» we tor çözgütleriniň öňdebaryjy ýapon üpjünçisi hyzmatdaşlyga gönükdirilendir

20.09.2023

Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti.» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly organ bolup, Ýaponiýanyň NEC (Nippon Electric Corporation) bolsa, dünýädäki elektron, kompýuter tehnikalaryny we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän iň uly kompaniýalaryň biridir. Kompaniýa ykjam we durnukly torlar, giň zolakly we korporatiw ulgamlar, IT we internet-çözgütleri üçin netijeleri üstünlikli işläp düzýär. NEC-iň köp ýurtda wekilhanalary, zawodlary we gözleg merkezleri bar. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi şu ýylyň iýul aýynyň başynda «Arkadag şäheri - akylly we ýaşyl tehnologiýalaryň şäheri» atly halkara konferensiýanyň çäginde NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti и Delta Telecom Ltd bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşdy. Taraplar telekommunikasiýa, sanlaşdyrmak we aragatnaşyk, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmek, kiberhowpsuzlyk we beýleki ugurlar boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşdylar. 18-nji sentýabrda geçirilen gepleşiklerde Ýaponiýa tarapyna kompaniýanyň prezidenti Naoki Nakamura, baş müdir Çengiz Karabalyk, müşderiler bilen işleşmek boýunça baş müdir Gültekin Ýadigar we sanlaşdyrmak boýunça hünärmen Hasan Basri Demir wekilçilik etdiler. Önümleriň bilelikdäki önümçiliginden başlap, türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga çenli dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew myhmanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň aragatnaşyk, maglumat tehnologiýasy we köpçülikleýin aragatnaşyk pudagynda alyp barýan syýasaty, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän bölüminiň işleri barada gürrüň berdi. Aýratynam, Türkmenistanda telekommunikasiýa hyzmatlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin nusgawy şäher bolan ýurduň ilkinji «akylly» şäherini gurmak döwründe türkmen hünärmenleriniň gazanan tejribelerine ünsi jemledi. Ýaponiýaly myhmanlar türkmen edarasynyň başlygynyň gürrüňüni üns bilen diňläp, çykyşynyň esasy ýerlerini üns bilen bellik etdiler. – Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde, şäher gurşawy bilen emeli intellektiň arasynda ýakyn arabaglanyşyk ýola goýuldy, bu köp sanly adaty amallary tehnologiýa geçirýär we adamlary olardan halas edýär diýip, Hajymyrat Hudaýgylyýew sözüni dowam etdi. Bu maksat bilen Arkadag şäherinde umumy uzynlygy 400 kilometrden gowrak bolan içerki aragatnaşyk ulgamlaryny gurup, GPON tehnologiýasy ornaşdyryldy we şonuň saýasynda her bir öý we ýaşaýyş jaýy süýüm-optiki tora birikdirilip, ýaşaýjylar sekuntda 1 Gigabit çenli tizlikde interneti, şol bir wagtyň özünde IP-TW we telefony ulanyp bilerler. 3G öýjükli ulgam we ýokary tizlikli 4G maglumat tory ýerleşdirilip, ýakyn wagtda 5G göz öňünde tutulýar. Arkadag şäherinde, akylly gözegçilik we dolandyryş infrastrukturasyny ulanyp, müňlerçe tor enjamlaryndan we ulgamlaryndan maglumatlary netijeli ýygnamaga we derňemäge mümkinçilik berýän häzirki zaman LoRaWan tehnologiýasy ýerleşdirilip, işe girizildi. Arkadag şäherindäki köpçülik ýerlerinde - seýilgählerde, alleýalarda, stadionda, sirkde, kitaphanada we ş.m. Wi-Fi ulgamy bar. «Akylly şäher» köp sanly platformany we çözgütleri öz içine alýar. Mysal üçin, akylly ulag ulgamynyň ornaşdyrylmagy şäherde diňe elektrikli jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanylmagyny we ýol maglumatlaryny seljermek üçin kompýuteriň «görüşini» ulanmagy öz içine alýar. Arkadag şäherinde inženerlik, öý we dynç alyş enjamlarynyň esasy görnüşleri birleşdirilip, kompýuter ulgamlarynyň gözegçiligi astynda işleýär. Şäherdäki ähli öýlerde ýangyn duýduryş, gaz syzmagy, suwuň syzmagy we ş.m. datçikleri oturdyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy ýapon kärdeşleriniň ünsüni Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmegi üçin programma üpjünçiliginiň köpüsiniň ýerli programmistler tarapyndan işlenip düzülendigi we täzelenýändigine çekdi. Ýurdymyzda tanalýan içerki IT kompaniýalarynyň onlarçasy bar. Ýapon kompaniýasynyň wekilleri hem öz gezeginde elektron ykdysadyýetiň esasy bölegi hökmünde elektron hökümet ulgamyny döretmek mümkinçiliklerini açyk görkezdiler. Tanyşdyryş dabarasynda myhmanlar Türkmenistan üçin döwlet dolandyryşynyň elektron resminamalaryny dolandyrmak babatynda ýörite taýýarlanan ösüşleri hödürlediler. Şol bir wagtyň özünde, ýapon hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen ulgamyň döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga we sosial aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýän meselesi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. «Akylly şäherler» konsepsiýasyny durmuş-ykdysady ösüşiň innowasiýa ýoly hökmünde durmuşa geçirmek ýaly bu pudagy ösdürmegiň möhüm ulgam emele getirýän ugrunda ýapon tejribesi barada berlen gürrüň aýratyn mowzuk boldy. Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasyny gurmak taslamasyny göz öňünde tutup, ýapon kompaniýasynyň suwasty kabelini çekmek mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelik bilen, duşuşykda bilelikdäki işiň mümkinçilikleri barada özara peýdaly pikir alyşma boldy. Türkmen tarapy bolsa, elektron hökümet we «akylly» şäher ulgamlaryny ösdürmekde we ornaşdyrmakda NEC tarapyndan toplanan uly tejribe bilen gyzyklandy. Öňümizdäki günlerde Ýaponiýanyň NEC kompaniýasynyň wekiliýetleri üçin Türkmenistanyň beýleki birnäçe edaralarynda duşuşykler meýilleşdirilýär.