Täze awtobuslar Murgabyň köçelerinde hereket edip başlady

07.05.2024

17-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Şol günki çäräniň resmi bölegi tamamlananyndan soň döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze hem döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüniň ýetirilendigine aýratyn ünsi çekmek gerek.

Şol günlerden bäri diýseň az wagtyň geçendigine garamazdan, häzirki wagtda şol awtobuslar Murgabyň köçelerinde ildeşlerimize hyzmat edýärler. «HIASE» и «COASTER» kysymly bu ulaglar Ýaponiýanyň önümleridir. Şeýlelikde, bu ýerde Mary şäheriniň çägini, walaýatyň dolandyryş merkezini ýakyn ilatly nokatlaryny we sebit merkezlerini birikdirýän täze awtoulag gatnawlarynyň onlarçasynyň peýda bolandygyny «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, täze ulaglary ulanmak diýseň rahat hem aňsat. Mysal üçin, «HIASE» mikroawtobusynyň sürüjileri indi birbada 14 ýolagça rahat we netijeli hyzmat edip bilerler. Bir nokatdan beýleki bir ýere barmak gaty az wagt alar. Şol aýratynlyklar «COASTER» awtobuslarynda hem bar. Täze jemgyýetçilik ulaglarynyň belli bir bölegi bolsa önümçilik birleşiginiň Ýolötan, Tagtabazar we Baýramaly etrap bölümlerinde ulanylýar.

Önümçilik birleşiginiň ýolagçy ulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy täze önümleri ýokary derejede saklamak üçin sürüjileriň we tehniki hünärmenleriň sanyny köpeltmäge hem mümkinçilik döretdi.