Türkmen kinematografçylary tarapyndan surata düşürilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan film Gyrgyzystanyň teleýaýlymlarynda görkezilýär

07.05.2024

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemeginiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde bu birleşik tarapyndan Gyrgyzystanda «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berilen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berilen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.