09.05.2024
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary!
Sizi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
1941-1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly hem-de talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de ordenler we medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.
Bu pajygaly döwürde ýurdumyzyň ilaty Ýeňşe bolan beýik ynamlary bilen gije-gündiz janaýamazakly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasyllaryny ýygnadylar. Ýüreklerde öçmejek ýara salan ýalynly uruş ýyllarynda müňýyllyklardan gözbaş alýan adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize eýerilip, altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletinlik bilen tabşyryldy. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly dokalyp, türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşa bolan meýilleri tutuş dünýä ýaýyldy. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi we gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, watandaşlarymyzyň zahmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.
Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda we bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyza çäksiz guwanýarys!
Eziz halkym!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň – külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan hem-de gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda söweşjeň şöhratyň we umumymilli hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere ter gül desselerini goýup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirýäris. Ýeňiş baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris, uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny dabaraly gowşurýarys. Bularyň ählisi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda erkinlik we azatlyk ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyza, ýowuz synaglardan abraý bilen geçip, Watana, halka, adamzada ýürekden hyzmat etmegiň görelde mekdebine öwrülen watandaşlarymyza biziň çuňňur hoşallygymyzyň, çäksiz sarpamyzyň aýdyň beýanydyr.
Eziz watandaşlar!
Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň - ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş weteranlarymyzyň, aksakgal ýaşulularymyzyň, kümüş saç enelerimiziň hal-ahwaly hem-de saglygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, köp sanly durmuş ýeňilliklerini döredýäris. Eziz Watanymyzy söýmegi we oňa wepaly bolmagy, ata-babalarymyzyň dostluga, hoşniýetlilige hem-de ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerini, milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmegi ündeýän ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.
Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Biz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda çykyş edip, ählumumy meseleleriň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biziň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgelerimizi Ýer ýüzüne giňden dabaralandyrýan we ylalaşdyryjy merkez hökmünde döwletimiziň şöhratyny dünýä doldurýan buýsançly wakadyr. Mähriban halkym! Hormatly uruş weteranlary!
Sizi Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene - 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!