12.05.2024
Türk howa ýollary we Türk syýahatçylygyny ösdürmek we özgertmek gullugy Şanliurfa we Gaziantep şäherlerine tanyşlyk saparyny gurady. Bu sapara Türkmenistanyň sekiz syýahatçylyk agentliginiň wekilleri gatnaşdy.
Wekiliýetler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 12 müň ýyllyk taryhy bilen “taryhyň nol nokady” diýlip atlandyrylýan Şanliurfadaky Göbekli Tepäniň gadymy arheologiki ýadygärligine baryp gördüler, wekiliýet Gaziantep şäherine hem baryp gördi. Bu barada SalamNews habar berýär berýär.
Türkmen hünärmenleri dünýädäki iň uly mozaika muzeýi bolan «Zewgme» muzeýi bilen tanyşdy. Ýerli aşpezlik däpleri bilen tanyşmaga aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar özboluşly tagamlary dadyp gördüler we ýerli restoranlardan we kafelerden lezzet aldylar.
Saparyň dowamynda gatnaşyjylar türk syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen maglumat alyşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.