13.05.2024
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde 2024-nji ýylyň 21-nji maýynda “Hazarüsti ulag geçelgäni has netijeli nähili peýdalanmaly” mowzugy bilen her ýyl geçirilýän sekizinji Hazarüsti forumy geçiriler. Bu barada “Caspian Policy Center” (CPC) barlag merkezi habar berýär.
Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly Hazar sebitiniň, Günorta Kawkazyň we goňşy döwletleriň ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda “Hazarüsti halkara ulag geçelge” atly forumy gurnaýarys diýip, CPC-niň web sahypasynda habar berilýär.
CPC tarapyndan guralýan forum 3 mejlisde geçiriler we onuň dowamynda ABŞ bilen Hazar sebitiniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ösüşi, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösüşi we bu geçelgede iş alyp barmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň suwlarynyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlaryny özara baglanyşdyrýar. Bu ulag ugry demir we deňiz ýollary arkaly konteýner ýükleriniň daşalmagynda peýdalanylýar.