Ewerest dagynda syýahatçylar we işewürler üçin ýokary tizlikli internet üpjün edildi

30.09.2023

Gimalaýlardaky Ewerest dagynyň etegindäki syýahatçylyk lagerinde we myhmanhanada ýokary tizlikle internet peýda boldy. FTTR-B optiki-süýümli tehnologiýa Huawei hem-de China Mobile kompaniýalar tarapyndan ýaýbaňlandyryldy. Ýokary tizlikli Wi-Fi iş we dynç alyş şertlerini düýpli özgertdi. Sebäbi tebigaty goraýyş serişdeleriniň işine gözegçilik etmek, fotosuratlary we wideogörnüşleri ugratmak, şeýle hem ýerli dolandyryş edarasynyň işini üpjün etmek üçin syýahatçylyk lageriniň işgärlerine ýokary hilli aragatnaşyk ulgamy zerur bolup durýar. Şeýle hem optiki-süýümli tehnologiýany deňiz derejesinden 4200 metr belentlikde ýerleşýän şäherdäki myhmanhanada ornaşdyrdylar. Indi bu ýerdäki myhmanlar giň zolakly internet bilen üpjün edildi. Geljekde FTTR-B tehnologiýasyny alpinistleriň düşelgesine hem ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. FTTR-B ulgamlarynda ulanylýan enjamlarda üç tertipli Wi-Fi antennalaryny peýdalanylýar we diwarda ýada potolokda ornaşdyrylýar. Mundan başga-da, FTTR-B tehnologiýasy kabeliň üsti bilen diňe bir maglumaty däl, eýsem elektrik energiýasyny hem geçirip bilýär, bu bolsa öz gezeginde enjamlaryň elektrik üpjünçiligi bilen bagly meseläni çözýär.