Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk üçin yslam başlangyjyny döretmekligi teklip etdi

17.05.2024

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk üçin yslam başlangyjyny döretmekligi teklip etdi. Degişli teklip Kazanda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň nobatdaky mejlisinde öňe sürüldi.

«Tatar-informyň» habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri bu forumda parahatçylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak üçin yslam başlangyjyny ösdürmegiň mümkinçiligine garamagy teklip edýändigini, muňa parahatçylygyň, ýagşylygyň we adalatyň dini hökmünde Yslamyň ýörelgelerine esaslanýan «Ýol kartasynyň» bir görnüşi hökmünde garaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara gurluşlar bilen ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de onuň üstünde bilelikde işlemek we ony resmi resminama hökmünde BMG Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birinde öňe sürmek teklip edildi.