AŞTU resmi saýtynyň web-salgysyny üýtgetdi

04.10.2023

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) özüniň resmi saýtyna giriş salgysyny täzeledi. Indi AŞTU-nyň saýty iň ýokary derejeli domen ady – (.tm) domeni bilen hasaba alyndy.
Telekommunikasiýa hyzmatlarynyň ulanyjylary we abonentleri AŞTU-nyň saýtyna www.astu.tm («Aşgabat şäher telefon ulgamy» paýdarlar jemgyýetiniň adynyň baş harplary) ýa-da www.actn.tm (Ashgabat city telephone networks) salgysy boýunça girip bilerler.
Web saýtyň täzelenen dizaýny AŞTU-nyň nyşanynyň reňk sazlaşygy esasynda taýýarlanyldy, üstesine-de, saýtyň işleýiş mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işler geçirildi.
Saýtdaky «şahsy otagda» hasaba alynmak bilen, AŞTU-nyň abonentleri ähli onlaýn hyzmatlary dolandyrmak, şol sanda ähli esasy we goşmaça hyzmatlary birikdirmek ýa-da öçürmek, nyrh meýilnamasyny üýtgetmek, tölegleri amala aşyrmak, tölegleriň taryhyna gözegçilik etmek we başga-da köp sanly hyzmatlar boýunça doly mümkinçilik alýarlar.
Saýtda AŞTU tarapyndan hödürlenýän ähli hyzmatlar barada maglumat almak, ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogap tapmak, nyrh meýilnamalary bilen tanyşmak, şeýle hem paýdarlar jemgyýetiniň işindäki ähli täzeliklerden habarly bolmak mümkindir.
AŞTU-nyň täze saýtynyň işi barada goşmaça maglumat almak üçin 083 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.
AŞTU-nyň resmi saýtynyň täzelenmegi kompaniýany mundan beýläk hem ösdürmek işinde möhüm ädimdir. Täze saýt häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär we ulanyjylara has amatly hem-de köpugurly interfeýsi hödürleýär.
Hyzmatlary onlaýn dolandyrmak mümkinçiligi AŞTU-nyň abonentlerine wagtlaryny hem-de pullaryny tygşytlamaga mümkinçilik berer.