“Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “Thales Alenia Space” hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

23.02.2023

Aşgabatda "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen howa giňişligi enjamlaryny öndürýän fransuz "Thales Alenia Space" wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar mundan beýläk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we dürli işewürlik tekliplerini berdiler.
Duşuşykda fransuz kompaniýasyna eksport boýunça wise-prezident Erik Imbert we Ýewraziýa boýunça wise-prezident Kistof Lanowski wekilçilik etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen "Thales Alenia Space" ilkinji Türkmen kosmos hemrasynda TürkmenÄlem 52.0E döretmekde üstünlikli tejribe toplandygy nygtaldy. Bu nukdaýnazardan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine iki tarap hem uly hökmünde garaýar.
Duşuşykda “Thales Alenia Space” -iň wekilleriniň şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek “TurkmenTel-2023” halkara sergisine we ylmy konferensiýa gatnaşmagyna garaşylýandygy habar berildi.
“Thales Alenia Space” -iň wekilleri ýurtda çalt ösýän kosmos senagaty üçin Türkmenistanda hünärmenleri we operatorlar üçin okuw kurslaryny guramaga taýýardyklaryny aýtdylar.