25.05.2024
Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin ilkinjileriň hatarynda Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow Aşgabada geldi diýip, «МИР 24» ýazýar.
Hormatly myhmany resmi adamlar garşy aldylar. Duşuşykda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Arkalaşygyň çäginde söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň 12-den gowrak meselesine garamagyna garaşylýar.