Belarusyň Premýer-ministri GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi

25.05.2024

Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisine gatnaşar diýip, BELTA ýazýar.

Çeşmäniň habaryna görä, iş sapary wagtynda Roman Golowçenkonyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Mejlisiň dowamynda energiýa, infrastruktura, senagat we beýleki ugurlarda özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Hökümet baştutanlary Energetika hyzmatdaşlygy konsepsiýasynyň we GDA ýurtlarynda ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça hereket meýilnamasynyň taslamasyna serederler.

Mundan başga-da, saglygy goraýyş, himiýa senagaty, howply galyndylary dolandyrmak we intellektual eýeçiligi goramak boýunça hyzmatdaşlyk resminamalary kabul ediler. Bu mejlisde Aşgabadyň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriň şäheri diýlip yglan edilmegi meýilleşdirilýär.

Umuman duşuşykda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Arkalaşygyň çäginde söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň 12-den gowrak meselesine garamagyna garaşylýar