25.05.2024
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin, Aşgabat şäherine geldi. Bu onuň Russiýanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesine belleneninden soň ilkinji daşary ýurt saparydyr diýlip, TASS ýazýar.
GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlary şu gün geçiriljek mejlisde söwda, ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda energiýa, senagat we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler. Ozal habar berlişi ýaly, gün tertibinde 12 meselä garalmagyna, şeýle hem bilelikdäki resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.