Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi başlandy

25.05.2024

Paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi başlandy.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär, bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistan GDA-a agza döwletler bilen gatnaşyklary we umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär we anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada GDA-a agza ýurtlarynyň wekiliýetleri geldiler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, şeýle hem iri halkara çärelerini geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.