Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi

25.05.2024

24-nji maýda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Hökümet Baştutanlary Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşe bu başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdylar.

Türkmenistanyň iri sport baýramçylyklaryny guramakda hem geçirmekde uly tejribä eýelik edýändigini bellemelidiris. Çünki 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylygy dünýäni haýrana goýdy. 2018-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Türkmenistanda guralýan dünýä we Aziýa çempionatlary, şeýle hem beýleki halkara ýaryşlar ýurduň şeýle çäreleri geçirmekdäki baý tejribesini tassyklaýar.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmegi Arkalaşygyň çägindäki sport hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny subut edýän hakykatdyr.