Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi

28.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ýerde welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Olar ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Galla oragyna başlamaga, möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görüldi. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler geçirilýär.

Şeýle-de welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin taýýarlyk görülýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, pile tabşyrmak baradaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.