28.05.2024
«Trend» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, 2018-nji ýylyň başyndan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary birneme aram ýagdaýda barýardy. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň pes derejedäki görkezijisinden soň, geçen ýyl bu ugurda uly üstünligi görmek bolýar.
Statistika geçen ýyl iki ýurduň arasynda umumy söwda dolanyşygynyň 959,75 million ýewrodan gowrak bolandygyny görkezýär, bu bolsa 2018-nji ýyldaky söwdadan (51,86 million ýewro) 18 esse we 2022-nji ýyldaky dolanyşykdan 25 esse köpdür.
Mundan başga-da, 2018-nji ýylyň başyndan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 1,2 milliard ýewro töweregi bolup, munuň özi şol döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň örän ýokary derejesini tassyklaýar.