29.05.2024
2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Ykdysadyýet we meýilleşdiriş bölümi tarapyndan okuw sapagy geçirildi.
Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda deňiz ulag pudagy giň gerimde ösüp, pudak tarapyndan halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak, portlary we port nokatlaryny ösdürmek, deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyna döwlet gözegçiligini kämilleşdirmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan uly göwrümli işler barada gürrüň berildi.
Şunuň bilen birlikde, talyplar “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň alyp barýan işleri, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşantlary barada tanyş edildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň güllap ösmegi bilen bir hatarda, milli önümlerimiziň, ylaýta-da uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlarynda ýokary islege eýe bolýandygy göz öňünde tutulyp, bu önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak wezipeleri üstünlikli çözmek, milli deňiz söwda flotumyzyň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de dünýä derejesine laýyk gelýän milli suw ulaglaryny döretmek, deňiz port ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen taslamalar barada tanyş edildi.
Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň “Deňiz derwezesi” bolup hyzmat edýändigini, şol sebäpli hem soňky ýyllarda Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) ösmegi bilen, ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi has-da ýokarlanandygy barada gürrüň berildi. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar bilen sorag-jogaplary alyşyp, gyzykly gürrüňdeşlikler geçirip, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli durmuş ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edip okuw sapagyny jemledi.