«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

30.05.2024

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmen tarapynyň wekili nebitgaz senagatynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagydygyny, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýändigini belledi. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işleriň netijesinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Şunda ekologiýa, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Şeýle-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasy bilen bilelikdäki işiň netijeli häsiýeti bellenildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, dünýäniň esasy işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, geljegi uly türkmen bazarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigi nygtaldy.