31.05.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatyndaky ministrler konferensiýasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegiň täsirli guraly hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ýokary ornuny belläp, sebit howpsuzlygy, ekologiýa, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berdi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak meselesinde, halkara giňişliginde özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde “Geçiş energiýasy we ählumumy çagyryşlar”, “Baglanşyk” hem-de “Ýokary bilim we bilim ulgamlary” atly mowzuklar boýunça üç sany sessiýa geçirildi. Olaryň dowamynda taraplar “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan etdiler.