01.06.2024
Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň ýedinji mejlisi gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda eksport-import önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça teklipler beýan edildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow, saud tarapyna bolsa Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al-Falih ýolbaşçylyk etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlarynyň, ulag birikmeleriniň, üstaşyr geçelgeleriň we energiýa howpsuzlygynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin birnäçe geljegi uly hyzmatdaşlyk taslamalary boýunça çözgütlere garadylar.
Mejlisiň ahyrynda taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.