01.06.2024
Türkmen kompaniýalary şu ýylyň 10-13-nji iýulynda Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Istanbul Expo Center” merkezinde geçiriljek “F-Istanbul” azyk önümleriniň sergisine gatnaşarlar.
Çäräni gurnaýjylaryň habar bermegine görä, “MFT&Rowaç” we “Goşa Çynar” kompaniýalary bu azyk önümleriniň sergisinde öz önümlerini hödürlärler.
Sergi bäş bölümden ybarat bolup, olarda azyk önümleri, içgiler, söwda enjamlary, dükanlaryň dizaýny, iýmit senagaty, azyk önümleriniň düzümleri we gaplama, konditer önümleri, hoz we guradylan miweler görkeziler. Şeýle hem bu ýerde şokolad, köke we konditer önümleri üçin aýratyn bölüm bolar.
Bu sergi täze täjirçilik we bazar gatnaşyklaryny döretmek üçin öndürijileri, eksportçylary, importçylary, lomaý satyjylary we paýlaýjylary bir ýere jemlär. Serginiň esasy maksady azyk senagatynda hyzmatdaşlygyň halkara platformasyna öwrülmekdir.
Geçen ýyl “F-Istanbul” sergisine türkmen kompaniýalarynyň 15-e golaýy gatnaşdy.