04.06.2024
3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Katar tarapyna bolsa Kataryň daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Taraplar esasan hem maýa goýum, syýahatçylyk, energetika we nebit-gaz pudaklarynda söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bagly meselelere garadylar. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem ünsi çekdiler.
Diplomatlar Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bolsa diplomatlar iň ýokary derejelerdäki duşuşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň yzygiderliligi beýan edildi. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek hem ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.
Geljegi uly ugurlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri guramak, şeýle hem bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek görkezildi.
Duşuşygyň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.