«Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri»: Aşgabatda baýramçylyk çäreleri geçirildi

04.06.2024

3-nji iýunda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat – sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» ady bilen baýramçylyk çäreleri geçirildi.

«Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriň üstünlikleriniň sergisi guraldy, onda abraýly halkara ýaryşlarynda gazanylan dürli derejeli baýraklar görkezildi.

Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmekleri sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde, Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabaraly çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.

Çäräniň dowamynda dünýä sportunyň we syýasatynyň wekilleriniň onlaýn tertibindäki wideoçykyşlary diňlendi. Olar Türkmenistanyň sport mümkinçiliklerini hem-de halkara sport arenasyndaky geljegini tassykladylar. Çykyş edenleriň arasynda golaýda Aşgabatda bolan Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggerti hem bar.

Şeýle hem bu ýerde şu günki şanly waka mynasybetli baýramçylyk konserti we halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.

Ogulşat Amanowa, agyr atletika boýunça şu ýyl Peruda geçen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň wise-çempiony

Çärede sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we täze sport ýeňişlerini gazanmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyk bildirip, halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.