06.06.2024
5-nji иýunda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahat (TESC 2024) öz işine başlady. «Türkmennebit» döwlet konserniniň habar berşi ýaly, halkara forumyň maksady jemgyýetçiligiň ünsüni ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmek bilen bagly meselelere gönükdirmekden ybaratdyr.
Iki gün dowam etjek maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 31 döwletinden 250-den gowrak wekil hasaba alyndy. Maslahat häzirki döwrüň ekologiýa wehimlerini çözmegiň üstünde bilelikde işlemek üçin alymlary, barlagçylary we hünärmenleri birleşdirip, durnukly ösüşe tarap möhüm ädim bolar.