Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlandy

08.06.2024

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan Türkmenistana hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy iýunda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna beren hasabatynda aýtdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu şanly waka bilen Türkmenistanyň Prezidentini hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de mejlise gatnaşyjylara, ähli halkyna ýüzlenip, hemmeleri bu şatlykly waka bilen gutlady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljekde-de BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtady.

Belläp geçsek, ozal Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň hem wise-başlyklygyna saýlanypdy.