10.06.2024
10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr.
2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Koreýa Respublikasy Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda okgunly ykdysady ösüşi bilen tapawutlanýar. Ol taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýäniň iri söwda ýurtlarynyň onlugyna girýän ykdysady taýdan ösen döwletleriň birine öwrüldi. Bu ýurtda ýarym geçirijileriň we akkumulýatorlaryň önümçiligi, gämi gurluşygy, maşyn gurluşygy boýunça, senagatyň beýleki ugurlarynda iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary ýerleşýär. Häzirki wagtda koreý medeniýeti hem giň halkara ykrarnama eýe bolýar.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň kökleri gadymyýete uzaýar we özara taryhy alyşmalar bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda ulag-logistika merkezi hökmünde Günorta Koreýa bilen maýa goýumlar, tehnologiýalar we infrastruktura ýaly geljekki ösüş üçin möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmekde ähli mümkinçiliklere eýedir.
Häzirki wagtda koreý kompaniýalarynyň birnäçesi Türkmenistanda infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda gaz känlerini özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak işlerine gatnaşýarlar. Ýurduň beýleki kompaniýalary hem şeýle taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen tarapy şu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýär.
Halkara ýagdaýlaryň häzirki şertlerinde türkmen we koreý taraplarynyň öňünde-de köp sanly mümkinçilikler, şol sanda “ýaşyl” ösüş we sanly özgertmeler bilen baglanyşykly mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda döwrüň wehimlerini täze mümkinçiliklere öwürmek üçin, ilkinji nobatda, raýdaşlygyň hem-de hyzmatdaşlygyň zerurdygy ähli döwürlerdäkiden has ýiti duýulýar. Şoňa görä, jenap Prezident Ýun Sok Ýoluň saparynyň çäklerinde Türkmenistany we Koreýa Respublikasyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, energetika, “akylly” şäherler ýaly möhüm hem-de geljegi uly ugurlara garamak göz öňünde tutulýar.
Jenap Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan başlap Günorta Koreýany “esasy ählumumy döwlete” öwürmek maksady bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermekde işjeň orny eýeleýär. Jenap Ýun Sok Ýoluň başlyklyk etmeginde şu ýylyň maýynda Seulda emeli aň boýunça ikinji bütindünýä sammiti, geçen hepdede bolsa “Koreýa Respublikasy — Afrika” sammiti geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ählumumy meseleleriň parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözülmelidigini ykrar etmek bilen, halkara bileleşigiň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki tagallalara ygrarlydyklaryny bellemek gerek.
Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň döwlet saparyny mähirli mübärekleýär. Şunda türkmen tarapy bu saparyň iki ýurduň, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine çuňňur ynam bildirýär.