«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi»: Aşgabatda halkara forum geçirilýär

11.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Onda şeýle sözler beýan edilýär:

Hormatly halkara maslahata gatnaşýan alymlar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara guramalaryň, dünýä meşhur ylmy merkezleriň, öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň wekillerini, görnükli alymlary we inženerleri özünde jemleýän bu forumyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe, şeýle hem 10 ýyl mundan ozal bina edilen we bu gün halkara ylmy-tehnologiýa parky diýen hukuk derejesini alan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyrylan şanly senesine gabatlanyp geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Myhmansöýer ýurdumyzyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günleriniň dürli öwüşginli dabaralarynyň siziň kalbyňyzda ýatdan çykmajak duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly alymlar!

Gadyrly myhmanlar!

Biziň ýaşaýan asyrymyz tehniki we durmuş ösüşi bilen häsiýetlenýär. XXI asyryň ägirt uly tizlikli ylmy-tehniki ilerlemeleri dünýä döwletleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hem ähli ugurlaryna, şol sanda ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, nazary, amaly we düýpli ylmy barlaglary geçirmek, ylymlary döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek ýaly möhüm meseleleri ýüze çykarýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ylmy milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde saýlap aldyk. Ylym ulgamyny täze, has ýokary sepgitlere çykarmagy, ylym we tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi ylmy-tehniki syýasatymyzyň baş wezipeleri hökmünde kesgitläp, bu ugurda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys hem-de döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýäris. Milli maksatnamalara, strategiýalardyr konsepsiýalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny giňden ornaşdyrýarys. Ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemekde, aýratyn-da, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda guwandyryjy üstünlikleri gazanýarys.

Biz döwlet innowasiýa syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde alymlarymyzyň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şonuň ýaly-da, geljegi uly bolan düýpli ylmy barlaglary alyp barmaklary, tejribe-synag işlerini geçirmekleri, innowasiýalary döretmekleri, özleşdirmekleri we ýaýratmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Alymlarymyzyň hem-de tehnologlarymyzyň yhlasly, döredijilikli zähmetiniň ajaýyp miwelerini — ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglarynyň netijelerini döwletimiziň hem-de halkymyzyň, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýarys.

Hormatly adamlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen bäsdeşlige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan howpsuz innowasion tehnologiýalar işlenip taýýarlanyldy hem-de önümçilige ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ylmy-tehnologik işlere çekmekde-de baý tejribe toplandy. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi hem-de bu ylym ojagynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen örän möhüm ädimdir. Munuň özi Diýarymyzda ilkinji halkara hukuk derejesine eýe bolan bu parkyň alymlaryna we inženerlerine Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP), daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda ykdysady taýdan bähbitli, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, milli nyşanly täze innowasiýa önümlerini döretmäge we öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugrunda örän netijeli işleri alyp barmaga borçlandyrýar. Ylmy açyşlar we oýlap tapyşlar, ylmy-inženerçilik çözgütleri bilen ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, işewürligiň bitewüligini döretmäge mynasyp goşant goşmak hem-de milli ylmyň dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermek her bir alymyň ilkinji nobatdaky wezipesidir.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Hormatly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, geljegi nazarlaýan innowasion tehnologiýalar boýunça alyp barýan düýpli ylmy işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.