13.06.2024
12-nji Iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Awstraliýa Arkalaşygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň ähmiýetini bellediler.