14.06.2024
Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar.
Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidr. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi. Bu çözgüt alymlarymyza we inženerlerimize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen gatnaşygy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.
Her ýyl 12-nji iýunda Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli türkmen alymlaryny we olaryň daşary ýurtly kärdeşlerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, talyplary bir ýere jemleýän forumlaryň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem paýtagtymyzda ylmyň dürli ugurlaryna, özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerine bagyşlanan birnäçe halkara maslahatlar geçirildi. Şolaryň biri-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde guralan «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatdyr. Bu forumyň mowzugynyň örän möhümdigi äşgärdir. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly ugurlary öz içine alýan häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutsak, hut «ýaşyl» özgertmeler milli, sebit hem-de dünýä derejesinde durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda öňe çykýar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistan «ýaşyl» çözgütleri öňe sürmek we milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri görmek bilen, halkara hyzmatdaşlyk meselesinde işjeň orny eýeleýär. Bölümçelerdäki mejlisleriň dowamynda ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, hususan-da, ösen tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, sanly tehnologiýalary ulanmak, ilkinji nobatda, sebit we dünýä derejesinde ileri tutulýan meseleleri çözmek üçin umumy akademiki meýdançalary, tor hyzmatlaryny döretmek mowzuklary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Maslahatyň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan innowasion tehnologiýalar boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.
Ylymlar gününe bagyşlanyp, «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde hyzmat edýär. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şunda islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şol derejede ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamak möhümdir.
Forumyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilmegi aýratyn mana eýedir. Bu edara ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň, «bilimler ykdysadyýetiniň» we Watanymyzyň aň-paýhas, ylmy-tehniki kuwwatynyň hereketlendirijisidir. Maslahatda edilen çykyşlarda ýokary tehnologiýalary ösdürmek, olary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere üns çekildi. Türkmenistanyň ylmy geljeginiň dünýäniň ylmy giňişligine çalt goşulyşyp, netijeli işleri alyp barmak, ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen hem berk baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmagyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. «Himiki tehnologiýalar we ekologiýa», «Nanotehnologiýalar we energetika», «Bio-, iýmit we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary», «Maglumat-aragatnaşyk we geografik maglumat ulgamlarynyň tehnologiýalary», «Innowasion ykdysadyýet» atly bölümçelerde aýry-aýry ugurlarda öňde durýan möhüm wezipeler baradaky çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylaryň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek — geljegiň energiýasy» atly sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanşandyklaryny bellemek gerek. Şeýle hem forumyň myhmanlaryna mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ýaş innowatorlar» ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.
Paýtagtymyzda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň gün tertibine ylym ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýyl guralýan bu iki günlük forum ykdysady we durmuş taýdan ösüşleri gazanmakda esasy şert bolan ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarda we strategiýalarda öz beýanyny tapýar.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde gurlan täze Arkadag şäheri bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslama türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda durmuşa geçirildi. Binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheri döretmek başlangyjy Watanymyzyň geljeginiň ýokary depginde ösen döwlet hökmünde görülýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini alan Arkadag şäheriniň gurulmagynyň hem-de onuň sanly platformasynyň işlenip düzülmeginiň ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, professor-mugallymlar düzümine nazary bilimlerini, başarnyklaryny, innowasion tekliplerini we garaýyşlaryny amalyýetde ulanmak üçin özboluşly mekdep bolandygyny nygtamak gerek. Çünki Watanymyzyň geljegi we onuň okgunly ösüşi hut ýaş nesil bilen baglanyşyklydyr.
Dünýä ylmynyň çalt depginler bilen ösmegi birnäçe täze ugurlaryň ýüze çykmagyna şert döretdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini ep-esli derejede giňeltmäge mümkinçilik berýär. Muny maslahatyň çäginde geçirilen «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary» atly bölümçeleýin mejlisleriň mowzuklary hem tassyklaýar. Şeýle-de innowasion ykdysadyýetiň möhüm ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Şunda tehnologiýalary yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ylymlardaky innowasion amallar foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. «Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry» atly bölümçede beýik türkmen şahyrynyň dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen döredijiliginiň çuňňur ylmy gözlegler üçin derwaýys mowzuk bolup durýandygy, türkmen we daşary ýurt alymlaryny täze ylmy-barlag işlerini alyp barmaga ruhlandyrýandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik ýaş nesli ylma işjeň çekmek üçin täsirli itergi beriji güýç bolup hyzmat edýär. Däp bolşy ýaly, 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu abraýly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylar ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň ýurdumyzyň okgunly ösmegine, ylym ulgamynda täze üstünlikleriň gazanylmagyna, netijeli halkara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna goşant goşýandygyny biragyzdan nygtadylar.