Arkadag şäherinde Gurban baýramynyň ikinji güni uly dabaralara beslendi

19.06.2024

Baýramçylygyň ilkinji gününde başlanan toý çäreleri Arkadag şäherinde bu günem uly ruhubelentlikde dowam etdi. Adamlar günüň dowamynda birek-biregiň agzybir we bereketli ojaklaryna baryp, gurbanlyk sadakalaryndan duz-tagam dadyp, iň päk arzuw-dileglerini beýan etmek bilen birlikde, baýramçylyk mynasybetli guralaýn çärelere gatnaşýarlar. Ýaşlar belent we owadan hiňňildikleride bat alyp uçmak bilen, bu gadymy dessuryň häzirki wagtda-da mynasyp we döwrebap derejede dowam etdirilýändigini görkezýärler.

Çünki Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini açyp görkezýän, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň agzybir, bolelin durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen diňe öňe – beýik geljege gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar.

Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde görnükli sungat ussatlary, aýdym-saz döredijilik toparlary baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.

Gurban baýramy mynasybetli guralan konsert dabaralaryna gatnaşanlar häzirki döwürde ýurdumyzda milli ýörelgeleriň ösdürilmegi, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy we türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň dabaralanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.