«Türki halklaryň we Türkmenistanyň medeni mirasy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

20.06.2024

Türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň «Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty 2024»-iň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň guran «Türki halklaryň we Türkmenistanyň medeni mirasy» temasy boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, emin agzalaryň karary bilen ýaryşa gatnaşýan her bir ýurtdan 1-nji, 2-nji we 3-nji orny eýelän üç ýeňiji kesgitlenildi. Türkmenistandan Mähriban Durdymyradowa 1-nji, Gülnabat Annanurowa 2-nji, Begenç Hojagulýew 3-nji ýeri eýelediler

Beýleki ýurtlardan Zahra Agaýewa (Azerbaýjan), Balausa Amantaý (Gazagystan), Nazik Sydykbekowa (Gyrgyzystan), Şahrizoda Kurbanowa (Özbegistan) we Sumeýye Nur Eroglu (Türkiýe) ýaş suratkeşleriň arasynda 1-nji orna mynasyp boldular.