Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

22.06.2024

21-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hakynda boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatyny geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowanyň hasabaty Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowtň hasabatynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramak we geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada beýan edildi.

Wise-premýer bu ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýdyp, ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşinde ylmyň tutýan ornunyň has-da ýokarlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.