27.06.2024
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygyň giň çygry boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.