28.06.2024
27-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň medeniýet ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleridir döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylardyr jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.
Bu ýerde edilen çykyşlarda Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi bellenildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigi nygtaldy.
Dabarada Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin özygtyýarly döwlet, erkin we bagtly durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.