Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

02.07.2024

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimleriň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, şu günler sebitlerde galla oragy dowam edýär. Orak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumy taýýarlanylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagy üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly geçirilýär. Şeýle-de häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, ammarlara, elewatorlara daşamak, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, galla oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, şu ýylyň güýz paslynda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň, ýurdumyzyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.