02.07.2024
1-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hanym Tatýana Daniela Garsia Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Ilçi Türkmenistan bilen Nikaragua Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.