Buharestde Türkmenistan Mejlisiniň wekilleriniň we ÝHHG-niň Prezidentiniň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi

03.07.2024

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde ÝHHG-niň Prezidenti Pia Kauma bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, 30-njy iýunda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, guramanyň işiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ugurdaky maksatlary we wezipeleri, bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanda ÝHHG bilen bilelikde geçirilýän çäreleriň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.