Aşgabatda metbugat gulluklaryny döretmek we guramak boýunça ÝHHG-niň seminary geçirilýär

10.07.2024

9-njy iýulda Aşgabatda «Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak» atly iki günlük okuw seminary öz işine başlady. ÝHHG-niň (OSCE) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu ýygnak oňa uzakdan gatnaşmaga mümkinçilik berýän gibrid formatynda geçirilýär.

Bu seminara döwlet we hususy habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň metbugat gulluklarynyň işgärleri, žurnalistleri taýýarlamak bilen meşgullanýan ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem talyplary gatnaşýar.

Seminarda bilermen hökmünde litwaly Žiwile Nawiskaýte-Babkin we Dainius Radzýawiçus çykyş edýär. Olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we aragatnaşyk boýunça toplan tejribesi gatnaşyjylara täsirli metbugat hyzmatlaryny döretmek we dolandyrmak boýunça bilimlerini hem başarnyklaryny çuňlaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Seminaryň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda geçirilýändigi onda öwrenmek we tejribe alyşmak üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär. Gatnaşýanlar diňe bir nazary bilim alman, eýsem, interaktiw sapaklarda we toparlaýyn maşklarda alan bilimlerini synap bilerler.

Seminaryň maksady döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň metbugat hyzmatlarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakdab, şeýle hem Türkmenistanda metbugat ulgamynyň ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr.