12.07.2024
Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşleri tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi bu jogapkärli möwsümiň ýokary netijelere beslenmegine ýardam berýär. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar. Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda daýhanlaryň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Munuň özi edermen daýhanlarymyza ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.