Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

17.07.2024

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

MOHAMMED VI,

Marokkonyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hijri-kamary hasaby boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Size abadançylyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan şu mübärek günlerde tutuş musulman ymmatyna rysgal-bereket, bolçulyk dileýärin.

Haýsam bin TARIK,

Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, şeýle hem Gudraty Güýçli Allatagaladan musulman ymmatyna rowaçlyk, abadançylyk dileýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigimize ynandyrmak isleýärin.

Baýramyňyz gutly bolsun!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Abdul Latif Jamal RAŞID,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Musulman ymmaty üçin mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bereket, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Gudraty Güýçli Allatagaladan ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalarymyzyň üstünliklere beslenmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kais SAID,

Tunis Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Dünýäniň musulmanlary üçin mübärek Gurban baýramy mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, doganlyk halklarymyzyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikdäki işe tüýs ýürekden ygrarlydygymyzy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ahmed HAŞANI,

Tunis Respublikasynyň Premýer-ministri.